Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksatlar bilen, milli ylym-bilim ulgamynyň hukuk esaslary pugtalandyrylyp, bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagy boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär.
Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ylmy barlaglaryň binýatlaýyn we nazary arabaglanyşygy işjeňleşdirilýär. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ylym babatda ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.