Häzirki wagtda buýan köki lukmançylykda iň köp ulanylýan dermanlyk serişdeleriň biridir. Onuň düzüminde biologik işjeň maddalaryň dürli toparyna degişli birleşmeler bolup, olaryň arasynda glisirrizin kislotasy hem bar. Bu önüme talap gün-günden artýar. Ol açyk sary reňkli kristallik madda bolup, sowuk suwda eremeýär. Gyzgyn suwda we etanolda gowy ereýär. Onuň aglikon bölegi bir esasly glisirretin kislotasy bolup, 11-nji uglerod atomynda keto topar saklanýar. Gant bölegi glýukuron kislotasynyň iki molekulasyndan ybaratdyr.
Glisirrizin kislotasy organik birleşmeleriň triterpen saponinler toparyna degişli çylşyrymly häsiýete eýedir. Ol buýan kökünde 8 — 24 göterime çenli mukdarda saklanýar. Çig malyň düzüminde ammoniý, kaliý we kalsiý duzlary görnüşinde bolýar.