Diýarymyzyň tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak maksady bilen welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň işgärleri bilen bilelikde wagyz-nesihat çärelerini, gözegçilik işlerini yzygiderli alyp barýarys. Şeýle-de tomus paslynda daş-töwerege görk berip duran tokaý zolaklaryny, agaç nahallaryny ýangyndan goramak boýunça işler sazlaşykly ýola goýuldy. Bu babatda mekdeplerde, çagalar baglarynda, edara-guramalarda, kärhanalarda geçirilýän wagyz-nesihat we düşündiriş işleriniň gerimini giňeltdik. Dynç alyş günleri we işden boş wagtlary watandaşlarymyz maşgala bolup tokaý-seýilgäh zolaklaryna gezelenje çykanlarynda olara ýangyn howpundan ägä bolmaklary giňişleýin wagyz edilýär. Çünki tebigat ählimiziň umumy öýümizdir, ony gorap saklamak mukaddes borjumyzdyr.