Göýül

14 Awgust 2024
598

Bu ösümlik Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde duş gelip, ol Türkmenistanda-da giňden ýaýrandyr. Göýül barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde has jikme-jik maglumatlar berilýär. Şonda onuň köp derdiň dermanydygy aýratyn nygtalýar.

Göýül topragyň ýüzüne ýaýlyp ösýän ösümlik bolup, özüniň çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, oňa halk arasynda «tilkigarpyz», «gyrmyzy goza» hem diýilýär. Onuň grek dilindäki adyny türkmençä terjime edeniňde bolsa «hyjuw», «isleg» diýen manylary berýär.