Gyşyň uly çillesi ýaly, 12-nji awgustdan başlanýan ýaldyrak döwri hem 40 gün dowam edýär. Şol döwrüň içinde ol özüniň yssy gündizleri, salkyn gijeleri bilen eýýäm öňde güýzüň ýetip gelýändigini ýatladýar. Daýhan-a indi güýzlük ekinleriň ugruna çykýar, maldar mallaryň güýz gyrkymynyň aladasy bilen bolýar. Bu ýyl üçýyldyz döwründe aşa gyzgyn günler köp boldy. Öri meýdanlarynda ýangyn döremez ýaly, birnäçe goşmaça çäreler görüldi. Köp möçberde tehnikalar işledilip, ýörite goýlan gözegçiler öri meýdanlarynda ýangynyň ýüze çykaýmagynyň mümkin bolan ýerlerini anykladylar. Çünki «Üçýyldyzyň galgyny» birdenkä howanyň çendenaşa gyzmagy bilen örän howply ýagdaýlary döredip bilýär.
Şeýle pursatlarda diňe bir çöldäki mallar däl, ekerançylyk meýdanlaryndaky ekinler-de goşmaça idege mätäç bolýar. Toprakda yzgar ýeterlik bolmasa, ösümlik dessine ýapraklaryny bürüşdirip, saralyberýär. Şonuň üçin bu döwre ata-babalarymyz öňünden taýýarlyk görüpdirler. Gülüni çalt uçurýan bakja ekinleriniň damarlaryndaky we toprakdaky yzgary saklamak üçin joýanyň içine buýan ösümligini orup basypdyrlar.