Türkmenistan we Gazagystan özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy meýilleşdirýär

11 Awgust 2024
118

Astanada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Batyr Atdaýew we Baýmyrat Annamämmedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi web sahypasynda habar berildi.

9-njy awgustda bolan duşuşykda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi, şeýle hem energetika pudagyndaky özara gatnaşyklar barada pikir alşyldy.

Beýleki habarlar