Mart aýydy. Gyzym bilen toýa gitmek üçin daşaryk çykdyk. Taksi ulagyny saklamak üçin assadan ýöräp ugradyk. Ýagyş şabyrdap, ýagmaga başlady. Ýaz ýagşy ýakymly bolsa-da, şol wagt biraz birahatlyk berýärdi. Ine-de, ulag golaýymyzda sägindi. Oňa dessine mündük. Nirä barýanymyzy-da sürüjä aýtmagy unudypdyrys. Meniň aljyraňňy halymy geňlemedik sürüji, ulagy çalaja dolandyryp ugranyndan: «Gelneje, ugruňyzy aýtmadyňyz?!» diýip, öň tarapdaky aýnasyndan yza göz aýlady. «Wiý, bagyşlarsyň, jigim, şäher içindäki «Diýar» toý mekanyna barýarys. Ýöne onuň anyk nirede, haýsy köçede ýerleşýändigin-ä bilemokdyryn» diýenimde, ol: «Menem bilemok, ady-ha tanyş» diýdi. Birdenem: «Alada etme, gelneje, barmaly salgyňyzy derrew taparys, häzir onuň gapysynda düşürerin» diýip, awtoulagynyň ekranyna bir zatlar ýazyşdyryp ugrady.
Men onuň bolşuna geň galdym. Ýakyn garyndaşymyzyň toýy bolansoň, gijä galmak islemeýärdim. Sähel salymdan sürüji oglanyň ulagynyň ses beriji enjamyndan ugry düşündirýän ses geldi. «Barýan köçäňiziň ugry bilen biraz ýöräp, öňdäki çatrykdan saga, soňra çepe... Indi sag tarapdaky köçä, soňra ýene-de saga öwrül...» diýip, awtoulag sesli salgy berýärdi. Awtoulagynyň ekranyndan bolsa barýan ugrumyz we barmaly toý mekanymyz görünýärdi. Bir söz bilen aýdanyňda, şäher kartada eliň aýasynda ýaly aýyl-saýyl bolup durdy.