Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar

24 Iýul 2024
750

Türkmenistanda köpugurly döwlet syýasaty üstünliklere beslenýär. Onuň çäklerinde amala aşyrylýan beýik işler, biri-biriniň üstüni ýetirýän şanly wakalar ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini esasy maksat hökmünde kesgitläp, durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirýär.

19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler hem öňde goýlan wezipeleriň, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Mejlisde Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk hakynda Kanunlara girizilen üýtgetmeler hem-de goşmaçalar we kabul edilen kanunçylyk namalary barada aýdyldy. Olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilendigini bellemek gerek. Bu işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagyna, ugurdaş ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hukuk mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem deputatlaryň BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň we Halkara Migrasiýa Guramasynyň wekilhanalarynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy. Mejlisiň wekili Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde geçirilen çärä gatnaşmak üçin iş saparynda boldy.

(TDH)
Beýleki habarlar