HABARLAR

Türkmenistan parahatçylyk döredijilik taglymlaryny we täze sebitleýin taslamalary öňe sürýär

Geçen hepde döwlet we halkara derejeli möhüm wakalara baý boldy. Olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dünýä ýurtlary bilen netijeli dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty aýdyň beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň 9-njy sentýabrda geçiren iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — bugdaý ekişiniň dowam edýändigine ünsi çekip, welaýatlarda bu işleriň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, kabul ediş harmanhanalarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň pagta ýygymy möwsümine taýýar edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň daýhanlaryň irginsiz zähmet siňdirip ýetişdiren hasylynyň ýitgisiz ýygn

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 15-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha artýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 13-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada-da aýdyldy. Bu ugurdaky işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alnyp barylýar.

Ulag ulgamy — milli ykdysadyýeti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry

Ýurdumyzyň içerki we daşarky ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ösüşine, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan ýerleşişiniň amatlyklaryndan dolulygyna peýdalanmaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Uzynlygy 600 kilometre ýetýän awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, awtoulag ýük daşamalaryny artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam eder.

Türkmenistan — Owganystan: dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar Aşgabat — Mary welaýaty, 11-nji sentýabr (TDH). Şu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypa açyldy. Şu günki taryhy ähmiýetli wakalar munuň aýdyň güwäsi boldy. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy öz aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyz bu döredijilikli ýola yzygiderli eýerip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli infrastruktura taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar

Aşgabat, 10-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, “HI-TECH Türkmenistan — 2024” atly sergi öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle hem maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 10-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 9-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary — halklaryň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň dabaralanmasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy Aşgabat — Astana — Aşgabat, 8-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy