Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Türkmenistanyň etnografiýasy» ylmy-barlag bölüminiň ekspozisiýa zallarynda baý hem köpöwüşginli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan haly we haly önümleri, kümüş şaý-sepler, saz gurallary ýaly gymmatlyklar bilen bir hatarda, milli lybaslaryň-da dürli görnüşleri ýerleşdirilendir. Muzeýiň gaznasynda zenan maşgalalara, erkek adamlara we çagalara degişli bolan dürli donlar aýawly goralyp saklanýar. Olaryň arasynda zenan maşgalalara degişli donlardan begresi, gyrmyzy çabydy, küleçäni, pagtaly dony, baldyz donuny, erkek adamlaryň içmegini, hywa donuny, gyrmyzy dony, agarçäkmeni, gyz çagalaryň begreslerini we oglan çagalaryň gyrmyzy donlaryny görkezmek bolar.
Muzeýde sergilenýän zenan donlaryny synlanyňda, olaryň biçüwdir bezegi, nagyşlary babatda ýerli aýratynlyklary görmek bolýar. Rus we türkmen etnograf alymlarynyň ýazmagyna görä, XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda türkmenleriň milli lybaslary, köplenç, öý şertlerinde, ýagny tara dokma guralynda dokalýan matalardan tikilipdir. Tarada matalar dokalanda, esasan, düýe we goýun ýüňünden peýdalanylypdyr.