Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizilendigini aýtdy.
Bu taslamanyň işe girizilmegi bilen, paýtagtymyzdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň, öýleriň, raýatlaryň hasabat sanawynyň döwrebap usullarda ýöredilmegi ýola goýuldy. Şeýle-de ilata jemagat hyzmatlaryny hödürleýän edara-kärhanalaryň öz hyzmatlarynyň hasabatyny elektron görnüşde ýöretmäge mümkinçilik döretdi diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow belledi.