Diýarymyzda ylmy ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim syýasatynda yzygiderli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi kämil nesil terbiýesiniň özenini düzýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Karary bilen ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynyň 6-sy tassyklandy hem-de bu ulgamy ösdürmäge, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen kanunlaryňdyr döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Ylmy we ylmy-pedagogik işgärleri taýýarlamak, olaryň hünärini yzygiderli kämilleşdirmek innowasion ulgamy ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir.