Paýhasa eýlenen haly

18 Iýul 2024
1037

Ýaňy-ýakynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň halyçylary Annanabat Durdyýewa, Enegül Allanurowa, Çemen Begdekowa dagy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy dokalan halyny kesdiler.

Haly suratkeşi Altyn Muhammedowanyň taýýarlan çyzgysy boýunça dokalan halynyň boýy 1.60 metr, ini 2.04 metr bolup, umumy meýdany 3.26 inedördül metr. Onuň her inedördül metrinde 400 müň çitim çitilip, erşi tirjinden, çitimlik ýüpi saryja goýnuň ýüňünden egrilen ýüplük, argajy ýüpekdendir. Ýeke argaçly ýar:a çitimli usulda dokalan halyda 94 sany dürli reňkli ýüplükler ulanylypdyr. Halynyň merkezinde ýerleşdirilen dagyň ýüzüne Gahryman Arkadagymyzyň köňül kelamy bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy altynsow reňkdäki ýüplükler bilen çitilipdir. Onuň gyrasyna bäş welaýatymyzyň haly gölleri bilen birlikde «aşyk», «ýaşyl goçak», «alaja» nagyşlary salnypdyr.

Ýörite habarçymyz.