Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli edebiýatymyz içgin öwrenilip, täze derejelere çykarylýar. Bilşimiz ýaly, türkmen edebiýaty öz gözbaşyny gadymyýetden alýar. «Gorkut ata», «Oguznama», «Kowusnama», «Görogly», «Şasenem-Garyp» ýaly onlarça eposlardyr dessanlar birnäçe asyr mundan ozal halk tarapyndan döredilen çeper eserlerdir. Milli edebiýatyň ajaýyp eserlerini okamak arkaly gadymyýetden şu güne çenli halkyň ýaşaýyş-durmuşyna, dürli wakalara gatnaşygyna, gahrymançylygyna, arzuw-isleglerine içgin göz ýetirmek mümkin. Edebiýat ynsanlarda ahlaklylygy, ynsaplylygy, milli we dünýä gymmatlyklaryna söýgini terbiýeleýär, köpçülikde özüňi dogry alyp barmak endiklerini kemala getirýär. Mundan başga-da, edebiýatyň üsti bilen ýaşlaryň durmuşda duş gelýän dürli ýagdaýlardan dogry netije çykarmagy üçin düşünjeler berilýär, başarnyklar ösdürilýär. Milli edebiýatymyzyň ýeten derejesine buýsanmak, ony ruhy mirasymyzyň gymmatly hazynasy hökmünde aýawly saklamak her birimiziň borjumyzdyr.