Golaýda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, dessançy Gurt Ýakubowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli aýdymçylaryň, sazandalaryň we welaýatyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Ýolöten şäherinde — Gurt Ýakubowyň doglup, ýaşan öýünde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Täsirli geçen duşuşyga meşhur kyssaçy bagşy Gurt Ýakubowyň çagalary, agtyklary, dogan-garyndaşlary we aýdym-saz muşdaklary hem uly höwes bilen gatnaşdylar.
Duşuşykda meşhur dessançy bagşynyň şägirtleri — bagşylar, dessançylar halypa bagşy Gurt Ýakubowy ýagşylykda ýatlap, onuň bilen baglanyşykly ýatlamalary, ajaýyp pursatlary gürrüň berdiler. Şeýle-de, halypanyň şägirtleri onuň aýdan aýdymlaryny, dessanlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.