Türkmen zenanlarynyň sünnäli gollaryndan dörän keşdedir alajalar, nepis nagyşlar bilen bezelen milli lybaslarymyz, halydyr palas önümlerimiz göreni haýrana goýýar. Köpöwüşginli reňkleri bilen bir bitewi gözelligi emele getirýän el işlerimiz diňe milli mirasymyzyň bir bölegi bolman, eýsem, zenan mertebesini, sarpasyny has hem belende galdyrýar. Çünki göreniň gözüni gamaşdyrýan bu gözellikler türkmen gelin-gyzlarynyň zehininden, köňül mährinden we yhlasly zähmetinden kemala gelendir. Ak arzuwlara eýlenip ýerine ýetirilýän milli el işlerimiziň biri-de jäheklerdir.
Jähekler don, çäkmen, çabyt ýaly üstki egin-eşikleriň etegine, jübüsine, ýeňine, ýakasyna berklik we gelşiklilik üçin tutulýar. Şonuň ýaly-da, bu nepislik tahýanyň eteginiň hem özboluşly gözelligini emele getirýär. Egin-eşikleriň jäheklenmeginiň asyl maksady bolsa oňa edilen nagyşlaryň we keşdeleriň ýa-da eteginiň sökülmän, berk we ykjam durmagy üçindir. Bu iş dondur çäkmeniň bezeg işleriniň gutarnyklydygyny hem görkezýär. Il arasynda jähek bilen baglanyşykly aýtgylary hem kän eşidýäris. «Jähek ýaly sypaýy», «Agzy jäheklenen ýaly», «Agzy jäheksiz ýaly» diýen meňzetmeleriň ulanylmagy hem adamlaryň häsiýetleri, özlerini alyp baryşlary, gürleýişleri bilen baglanyşyklydyr.