Halkaraçy talyplar «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldular

15 Iýul 2024
357

9-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetinde bilim alýan talyp ýaşlar «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldular. Tomusky tanyşlyk hem-de önümçilik tejribeliklerini geçýän talyplar gazetiň döredijilik, maket, dizaýn işleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle-de redaksiýanyň degişli işgärleri talyplara gazete ýerleşdirilýän materiallaryň mazmun hem-de grammatik taýdan düzedilişi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar nazaryýetde alan bilimlerini tanyşlykdyr önümçilik tejribeleriniň üsti bilen has-da berkitýärler. Olar öz okaýan ugurlary boýunça ýurdumyzyň pudaklaýyn we dolandyryş edaralarynda, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky tejribeliklerini geçýärler.

Muhammetmurat NARMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar