Daňdanakan galasy: geçmiş syrlaryny açýar

13 Iýul 2024
658

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde çykaran Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda ylmy-öwreniş işleri geçirilmegi meýilleşdirilen, taryhda belli Daňdanakan galasy Merwden Sarahsa barýan ýoluň 63 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Bu meşhur gala-kerwensaraýyň galyndylary 4,5 gektar meýdany tutýar. Galanyň kem-käsleýin saklanyp galan diwarlarynyň taraplarynyň ölçegi 210 — 216 metre deňdir.

«Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçylygynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu gadymy taryhy ýadygärlikde gazuw-agtaryş, öwreniş hem-de berkidiş işlerini alyp barýarlar. Möwsümleýin işleriň dowamynda şäheriň gurluş we ýaşaýyş medeniýetine degişli gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy. Galanyň merkezi böleginde Juma metjidiniň ýerleşen ýeri diýlip çaklanýan meýdançada ýer gatlaklary öwrenilenden soň, gazuw-barlag işlerine başlandy.

Rejep JEPBAROW,
«Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysy.