1941-nji ýylyň başlarydy. Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk görülýärdi. Onda Türkmenistan tarapyndan türkmen gelin-gyzlarynyň el hünärini dünýä ýaýjak äpet halyny dokamak teklip edilýär. Äpet haly Moskwanyň Uly teatrynyň sahnasyny bezemelidi. Maslahaty makul bilip, halyny dokamak üçin iň ökde halyçylary saýlamaly bolanda, Gyzylarbadyň halyçylarynyň 36-sy saýlanylyp, Aşgabada getirilýär. Olaryň arasyndan Käbe Wasowa halyçylara ýolbaşçy edilip goýulýar. Äpet halyny dokamaly halyçylaryň arasynda Käbe Wasowanyň gyzy Ogulgözelem bardy.
Ýerli hünärmenler tarapyndan umumy meýdany 193 inedördül metr haly üçin adaty halylara salynýan gölleri, gyra nagyşlary ulaldylýar. Emma uly ölçegdäki halyny ýüwürtmäge laýyk jaý bolmanlygy üçin, ol häzirki «Ylham» seýilgähiniň ýerleşýän ýerinde çadyryň içinde ýüwürdilýär.