Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

10 Iýul 2024
579

Ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlary öňe sürmek, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyk etmek arkaly giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny iş ýüzünde subut edýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri örän giňdir. Bu babatda ýyl-ýyldan täze, geljegi uly ugurlar ýüze çykýar. Geçen hepdede BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran sapary munuň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.

6-njy iýulda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda ählumumy we sebit derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmegiň, döwletimiz bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri, Owganystandaky ýagdaý, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleler, umuman, ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň gün tertibiniň durnukly ulag, energetika howpsuzlygy, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ýaly strategik ugurlary öz içine alýandygyny bellediler. Munuň özi uzak möhletli häsiýete eýedir we yzygiderli esasda durmuşa geçirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň ulag, energetika, daşky gurşawy goramak we beýleki köp ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini nygtady.

(TDH)
Beýleki habarlar