Haşal otlar we olara garşy göreş çäreleri

9 Iýul 2024
419

Şu günler ýurdumyzyň oba hojalygynyň ekerançylyk pudagynda gyzgalaňly döwür dowam edýär. Ekin meýdanlarynda gowaçalary ösdürip ýetişdirmek boýunça işler ýokary derejede alnyp barylýar. Şeýle işleriň biri hem gowaçalaryň ösüşine zyýan berýän haşal otlara garşy göreş çäreleridir. Haşal otlar ekinlerden öň gögerýärler we toprakdaky iýmiti we suwy peýdalanyp, hasyllylygy kemeldýärler. Haşal otlaryň ýaýran meýdanlarynda topragy bejermek, hasyly ýygnamak üçin geçirilýän işler kynlaşýar. Mysal üçin, çaýyr, gamyş ýaly köki ýüzde ýatýan köpýyllyk otlar gögeren meýdanlarda kultiwasiýa işlerini geçirmek kynlaşýar.

Maşyn bilen ýygylan gowaça meýdanlarynda itüzüm ýaly miwesi we ýapragy köp bolan hem-de düzüminde suw saklaýan otlar gögerýän bolsa, pagta ýygylanda agregatlary yzly-yzyna ýuwup, arassalap durmaly bolýar.

Şemşat NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar