Türkmen — eýran hyzmatdaşlygynda gaz senagatyna möhüm ähmiýet berilýär

8 Iýul 2024
242

Geçen çarşenbe güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Eýran Yslam Respublikasynyň (EYR) wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylýanlygy bellenildi. Bu babatda gaz senagatynda alnyp barylýan işler has-da bellärliklidir. Şu gezekki duşuşykda hem türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermek boýunça möhüm ylalaşyk gazanyldy.

Möhüm çärä gatnaşyjylaryň nygtamagyna görä, türkmen we eýran gatnaşyklary gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar we birek-birege hormat goýmak bilen, häzirki döwürde giň gerimde ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklarynda uly işler durmuşa geçirildi. Möhüm gaz geçirijiler guruldy. «Mawy ýangyjy» daşarky bazara çykarmakda gazanylan ýokary netijeler dünýä ýurtlarynyň işewürlerini özüne çekýär. Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň netijesinde halkara arenasynda ynamly hyzmatdaş hökmünde öňe çykdy we ykrar edildi. Türkmenistanyň durnukly ösýän döwletdigi, tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy, parahatçylyk söýüjilik syýasaty ugur edinmegi gatnaşyklary pugtalandyrmakda esas bolup durýar.

«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar