Abu-Dabide geçiriljek forum ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini açyp görkezer

8 Iýul 2024
262

Şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçiriler. Halkara forumy daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrar we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňelder.

Forumyň 4-7-nji noýabrda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanyp geçiriljek (ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýär.

Kerim ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar