Ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalary peýdalanyp, işewürligi we önümçiligi «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine laýyklykda alyp barýan kärhanalaryň sany barha artýar. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagynda çärýek asyr bäri üstünlikli işläp gelýän «Toprak» hojalyk jemgyýeti hem şolaryň biridir. 1999-njy ýylda esaslandyrylyp, ilki söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp baran «Toprak» hojalyk jemgyýeti 2005-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýurdumyzda ilkinji bolup kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly gasynly karton öndürýän kärhanany işe girizýär.
Dokma senagaty, azyk harytlarynyň önümçiligi, söwda we hyzmatlar ulgamy ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan döwlet hem-de hususy kärhanalarynyň talaplary esasynda taýýarlanylýan önümler dürli şekillerdir bezegler bilen bezelýär. Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkiýäniň innowasion enjamlary ornaşdyrylan kärhanada 120-ä golaý iş orny döredilip, her aýda 600 tonna barabar önüm öndürilýär.