Ekologiýa howpsuzlygy ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti

3 Iýul 2024
869

Adamzat ýaşaýşynyň ähli ugurlaryny paýhas eleginden geçiren ata-babalarymyzyň «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» diýen ýörelgesi milli mirasymyzda orun alypdyr. Pederlerimiziň bu mukaddes ýörelgesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi, topragymyzy abadanlaşdyrmak we ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini artdyrmak babatynda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar.

Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinde umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýän işleriň waspyna aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň durmuş pelsepesi adamy diňe ýagşylyga, haýyr işlere atarýar. Haýyr işleriň mazmun çygry bolsa türkmençilikde giň düşünjäni aňladýar. Ýagny pederlerimiziň paýhas gorlary, durmuş hakykatlary seljerilende janly-jansyz ähli zatlara sylag-hormatyň nyşany duýulýar. Munuň düýp mazmunynda bolsa, giň dünýägaraýyş, ýaşaýyş-durmuşa gözellik bilen garamak we söýüp-söýlüp ýaşamak düşünjeleri bar. Başgaça aýdanymyzda, ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirýän bu gymmatlyklar dünýäniň dörediliş manysyny beýan edýär. Bu giň dünýägaraýşyň içinde ata-babalarymyzyň tebigata bolan söýgüsi hem mynasyp ornuny eýeleýär. Çünki tebigatyň gözelligi ynsanyň ruhy joşgunyny artdyryp, ömrüni uzaldýan güýç hasaplanýar. Daş-töweregiň arassaçylygynyň göwnejaý bolmagy bolsa, adamyň özüne goýýan sylag-hormatynyň derejesini aňladýar. Daşky gurşawyň arassalygy sagdyn ýaşaýşyň özeni bolup durýandygy hemmelere mälim hakykat. Şonuň üçin tebigat bilen ynsan ömrüniň dowamlylygyny biri-birinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Ine, ata-babalarymyzyň tebigata söýgüsi bilen bagly şu durmuş pelsepesi ähli gowulyklary bilen häzirki ajaýyp zamanamyzda hem aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.

Aziz HASANOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.