Türkmenistan täze «Reşt-Kaspian» demir ýoly boýunça ýükleri üstaşyr geçirip başlar

3 Iýul 2024
240

Türkmenistan täze «Reşt-Kaspian» demir ýoly arkaly ýükleri üstaşyr geçirip başlar. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýollarynyň baş direktory Milad Salehi aýtdy.

Eýýäm indiki hepde bu ugur boýunça Türkmenistandan kükürt üstaşyr daşalyp başlar. Ol Türkmenbaşy portundan Kaspian portuna, soňra bolsa Eýranyň üsti bilen demir ýol arkaly eltiler.

Beýleki habarlar