Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

1 gün öň
160

Döwlet ähmiýetli şäheriň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli dabaralar

Arkadag şäheri, 29-njy iýun (TDH). Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl doldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi.