(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).
Toý göreşine ýygnanan mähelle bu ýagdaýa haýran galýar. Ýykylan pälwan ýerinden turjak bolanda märekeden: «Turjak bolup azara galma, Geldi Poşa seni öňki ýeriňde oturtdy. Indi arkaýyn dynjyňy al» diýen sesler eşidilýär. Geldi pälwan ýeňiş gazanyp, goýlan baýragyň eýesi bolýar. Soňra toý pälwanyny kesgitlemek üçin Geldi Poşa bilen Çopan ajy göreşe çykarýarlar. Gökdepeli pälwan gumly pälwany çepine göterip uranda, märekäniň şowhuny artýar. Agyr garşydaşyny çepine göterip uran Geldi Poşanyň dyzy ýere degýär. Muny kän bir aňan adam bolmasa-da, ol mertlik bilen, ýeňlendigini bekewüle aýan edýär.