Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

28 Iýun 2024
178

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi.

Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşyga örän şatdygyny aýtdy. Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyň rowaçlygynyň hem-de kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Beýleki habarlar