Halyçylaryň toý sowgady

2 gün öň
40

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndan ruhlanyp, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden etrap çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary G.Çakanowa, O.Begliýewa, A.Akmämmedowa, O.Geldimyradowa, B.Gylyjowa, A.Hommyýewa dagy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň haly portretini dokadylar. Suratkeş Amanmyrat Gulberdiýewiň ýörite taýýarlan çyzgysy esasynda dokalan halynyň boýy 1.65 metr, ini 1.30 metr bolup, umumy meýdany 2.15 inedördül metre deňdir. 180-den gowrak dürli reňkli ýüplükler ulanylan, erşi tirjinden, argajy bükdürilen ýüpek, çitimlik ýüpi saryja goýnuň ýüňünden egrilen halynyň 1 inedördül metrinde 400 müň çitim çitilip, jemi hala 860 müň çitim siňdirilendir.

Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen Medeniýet hepdeligine, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe özboluşly sowgat bolan halynyň merkezinde türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbi we bahar paslynda gül-gülzarlyga beslenen dag tebigatynyň gözelligi utgaşdyrylyp görkezilýär. Ýeke argaçly ýara çitimli usulda dokalan täze halynyň gyrasyny gadymy «üzülmez», «alaja», «ýaşyl goçak», «gölçe» ýaly nagyşlar gurşaýar.

Taýýarlan ýörite habarçymyz.