Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

27 Iýun 2024
93

Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.