Daýahatyn — kerwen ýolunyň dessany

26 Iýun 2024
829

Beýik Ýüpek ýolunyň uzak wagtlap hyzmat etmeginde kerwensaraýlar uly orny eýeläpdir. Olaryň döreýiş taryhy Türkmenistanyň çäklerinde yslam dini ýaýramazyndan has öňki döwürler bilen senelenilýär. Orta asyrlarda Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda söwdagärleriň goş ýazdyrmaklary üçin ýapyk diwarly jaýlar gurlupdyr. Jaýlaryň aralyklary 3-4 kilometrden ybarat bolupdyr. Kerwen gurap gelýän söwdagärler üçin bu jaýlaryň hemişelik düşelgä öwrülmegi netijesinde soňy bilen olara kerwensaraý diýlipdir.

Bu baradaky maglumatlara ХIII — ХIV asyrlarda ýaşan beýik türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy», XV asyryň görnükli söz ussady Abdyrahman Jamynyň «Baharystan», görnükli döwlet işgäri, serkerde Babyryň «Diwan» atly eserlerinde duş gelmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda bellenilişi ýaly, «Kerwensaraýlarda adaty durmuş gaýnap joşupdyr, bu ýerde söwda şertnamasy baglaşylypdyr, ýük mallarynyň eýeleri kerwenbaşa işleşmek hakyndaky teklip bilen hem gelipdirler. Gepleşiklerini hem-de özara jedellerini birýüzli edip, adamlar dynç alypdyrlar».

Durdymyrat ATDAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.