HABARLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly, şeýle-de başga birnäçe kanunlary döwrebaplaşdyrmak babatda işler dowam etdirilýär. Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça merkezi saýlaw topary bilen bilelikde amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler halkara kadalara, milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy hem-de gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Şunda saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna hem möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi. Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşyga örän şatdygyny aýtdy. Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyň rowaçlygynyň hem-de kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. Işewürler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, şanly wakanyň — okgunly ösýän Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrülen “akylly” şäheriň açylmagynyň bir ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip görmäge örän şatdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministrini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bilelikdäki tagallalar arkaly ýyldan-ýyla anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar bolsa taryhy kökleriň umumylygyna we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň — Prezident Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Zehin we ruhy joşgun türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýä ýaýýan kuwwatly güýçdür

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.