Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zyň yl­my be­ýa­ny

21 Iýun 2024
930

Dünýä taryhynda her bir halk özüniň
umumadamzat we dünýä mirasyna beren
maddy we ruhy gymmatlyklary bilen tanalýar.

Adamzadyň geçmiş taryhynyň iň bir gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halky umumadamzat gymmatlyklarynda baý mirasy hem-de döreden ululy-kiçili 70-den gowrak döwletleri bilen juda meşhurlyga eýe bolan halk hökmünde tanalýar. Şeýle hem türkmen topragy dünýä siwilizasiýasynda ýaşaýşyň gadymy ojaklarynyň ençemesiniň mesgeni bolmak bilen, hemişe diýen ýaly taryhçylardyr mirasçylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Bu hakykaty Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň ýiti zehininden çykan «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly meşhur kitabynda şeýle görkezýär: «Türkmen halkynyň dünýä halklaryny haýrana goýýan baý taryhy bar».

Agajan ATAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy