Asyrlar aşyp gelýän milli ekerançylyk däpleriniň dowam etdirilmegi, ýaş nesilleriň halal zähmetiň ruhunda terbiýelenmegi halkyň rysgal-berekedinde öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji iýunda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşmagy, daýhanlaryň armasyny ýetirmegi ata-baba dowam edip gelýän ýörelgelere hormatyň beýanyna öwrüldi.