Sagdyn durmuş — eşretli ýaşaýyş

19 Iýun 2024
441

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösüşlere eýe boldy. Soňky onýyllyklarda ykdysadyýetde we oba hojalygynda, bilimde we ylymda, medeniýetde we saglygy goraýyş ulgamlarynda il-ýurt bähbitli ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyz gysga wagtyň içinde halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etjek belent özgertmelere eýe boldy. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny täzeçil usullar bilen halkyň saglygyny berkitmäge, keselçiligiň öňüni almaga, şeýle hem raýatlarymyzyň ömrüň dowamlylygyny uzaltmaga giň şert döretdi. Bu maksatnama laýyklykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň wajyp Kararlaryna we görkezmelerine esaslanýan saglygy goraýyş ulgamy ýokary netijelere eýe bolýar. Gysga döwrüň içinde, köp sanly döwrebap, ýokary tehnologiýaly häzirki zaman anyklaýyş merkezleri we hassahanalar gurlup ulanylmaga berildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda raýatlarymyzyň kadaly dynç almaklary üçin şypahanalaryň birnäçesi hereket edýär we olarda halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin amatly şertler döredilýär. Şeýle şypahanalaryň biri tebigy melhemligi bilen dertlere şypa bolýan «Arçman» şypahanasynyň dünýä talaplaryna laýyk gelýän, iň döwrebap bejeriş enjamlary bilen üpjün ediljek täze binasynyň düýbüniň tutulyp, gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny buýsanç bilen bellemek gerek.

Raisa ISRAFILOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar