Baş maksat — halkyň saglygy

19 Iýun 2024
394

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan asylly, sahawatly işler hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan pul serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary, dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlary sowgat berilýär.

Maksat ÇARYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar