Mähriban uçurymlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhetlerimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini hem-de işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany, hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz we zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän ýylynda Watan goragynda täze menzillere gadam goýmagyňyz sizi ýurt goragynda belent sepgitlere ruhlandyrmalydyr. Çünki Magtymguly Pyragy Watany söýmegiň, halkyň asuda, özbaşdak durmuşyny ähli zatdan ilerde goýmagyň belent nusgasyny görkezen merdana şahsyýetdir. Şoňa görä-de, siz ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerini pugta berjaý etmelisiňiz. Milli gymmatlyklarymyzy, raýatlarymyzyň asuda we bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmetini goramagy, türkmen jemgyýetinde kanunylygy, hukuk tertibini mundan beýläk-de pugtalandyrmagy mukaddes borç hasaplamalysyňyz.