Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki doganlyk halkyň taryha uzaýan gatnaşyklarynyň häzirki döwürde dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini belledi. Ol Milli Liderimiz tarapyndan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başy başlanan özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigine buýsanjyny beýan edip, ýakynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegi bilen türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady.