Hormatly Prezidentimiz
Serdar BERDIMUHAMEDOWYŇ
«Ýaşlar — Watanyň daýanjy»
atly kitabyndaky Magtymguly
Pyragy hakda aýdylan pikirlerden:
«Eýsem, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Magtymgulynyň öz şygyrlarynda ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýaly. Onuň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri ideýa-mazmun taýdan güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir».