Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

8 Iýun 2024
400

Aşgabat, 7-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, oba hojalyk, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda, daşary syýasy iş babatynda hereket edýän birnäçe kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Beýleki habarlar