HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministrini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bilelikdäki tagallalar arkaly ýyldan-ýyla anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar bolsa taryhy kökleriň umumylygyna we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň — Prezident Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Zehin we ruhy joşgun türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýä ýaýýan kuwwatly güýçdür

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy

Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Edermen daýhanlaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň aýdyň netijesidir.

Milletimiziň ruhy we döredijilik kuwwaty ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär Arkadag şäheri, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 22-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 21-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Sanitariýa kodekslerine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek babatda işleriň dowam etdirilýändigi aýdyldy.