Pyragyly golýazmalar

23 Maý 2024
864

Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli gymmatlyklarymyz baradaky aladalarynyň netijesinde dünýäniň belli-belli medeni ojaklaryndan ylym, edebiýat ägirtleriniň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň eserlerini agtaryp tapmak işlerine uly üns berilýär.

Ýurdumyzyň alymlary tarapyndan Wengriýanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasyndan we maglumat merkezinden Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Meşrebiň, Misginiň we beýleki türkmen şahyrlarynyň goşgularyny öz içine alýan golýazmanyň tapylmagy ruhy gymmatlyklarymyzyň entek-entekler tapyljakdygy baradaky pikiri döredýär. Neşirýat, çaphana bolmasa-da, Magtymgulynyň şygyrlarynyň asyrlaryň içinden geçip gelmegi üçin belli-belli şahsyýetleriň siňdiren yhlasy ýatlanylmaga mynasypdyr. XIX asyrda Magtymgulynyň kitaplary Daşkentde, Kazanda, Buharada, Samarkantda, Bakuwda neşir edilipdir. Olaryň arasynda XIX asyryň başynda Magtymgulynyň 200-den gowrak goşguly golýazmasyny Başgyrdystana, türkolog Ahmet Zaki Welidä iberen asly kokantly Aşyraly Zahyrow hem bar. Orenburgda çap edilýän “Şura” žurnalynyň 1913-nji ýyldaky birnäçe sanynda A.Z.Welidiniň A.Zahyrowyň iberen golýazmasyna we Magtymgulynyň 1912-nji ýylda Abdyrahman Nyýazy tarapyndan Astrahanda neşir edilen kitaby hakdaky makalasy çap edilýär. Nyýazynyň 1912-nji ýylda arap ýazuwynda çap eden “Magtymguly diwanyna” şahyryň 45 goşgusy girizilipdir.

Ogultäç KAKABAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.