Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

10 Maý 2024
292

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gutlag hatlarynda ýurdumyzda watansöýüjilik däplerine çuňňur hormat goýulýandygyny, mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ene topraga söýginiň belent nusgasyny görkezip, söweş meýdanlarynda wepat bolan türkmen gerçekleriniň atlarynyň ebedileşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belleýärler. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň maksatlaryna ýetmegiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde egsilmez güýç-gaýrat, täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew gutladylar.

(TDH)