Hatyraly halypa

9 Maý 2024
512

Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde ýaşaýan Köşek Soltanmyradow geçen urşuň agyr kynçylyklaryny egninde çeken, şeýle hem iň ýaşuly hukuk goraýjy adam hökmünde tanalýar. Halypa hukuk goraýjy tizara özüniň 100 ýaşynyň toýuny toýlaýar.

Boldumsaz etrabynyň Bereketli geňeşliginde önüp-ösen Köşek aga 18 ýaşyny dolduran badyna, meýletinlik bilen Watan goragyna gidýär. Ilkinji harby taýýarlygy geçip, aňtawçy radiotelefonist (razwedkaçy) hünärini ele alýar. 3-nji Ukrain frontunyň 62-nji diwiziýasynyň düzüminde razwedkaçy bolup söweşe girýär. Harkow şäheriniň eteginde söweş ýoluna başlap, Ýewropa ýurtlarynyň ençemesini faşistik basybalyjylardan azat etmäge gatnaşýar. Tä Berline çenli aralygy söweş bilen ädimme-ädim geçýär.

Bilbil SAPAROWA,
Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.