Albert BURHANOW, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Dünýä medeniýeti institutynyň professory:

1 Maý 2024
1154

— Türkmenistan ýüregimde ýaşaýar

Bu taryhy şöhratly, şu güni şanly toprakda ýene bir ýola myhman bolmak meniň üçin belent mertebe. Men Türkmenistana her gezek uly höwes bilen gelýärin. Çünki ykbalym, ylym ýolum bu toprak we onuň şanly taryhy bilen aýrylmaz bagly. Şonuň üçin hem gadymy Amul galasy bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çakylyk alan günümden bäri begenjim gursagyma syganok.