«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024
Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakasyna öwrülen çuň manyly pikirlere hem-de gymmatly ylmy taglymatlara ýugrulan, döwürleriň arabaglanyşygyny şöhlelendirýän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilmeginiň uly taryhy ähmiýeti bardyr. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan hem-de her bir okyjynyň kalbynyň töründe müdimilik orun aljak bu ajaýyp sowgat buýsanjymyzy has-da belende göterdi.