Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek, milli maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňden wagyz etmek, medeni we ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary aýdyň beýanyny tapdy.
1-nji aprelde döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, möwsümleýin işleriň barşy we galla oragy möwsümine taýýarlyk görlüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.