Äpet muzeý
Parižiň merkezinde ýerleşýän «Luwr» muzeýi diňe bir dünýäniň iň uly muzeýi bolman, eýsem, fransuz şalarynyň köşgi we binagärlik ýadygärligi hökmünde hem meşhurdyr. Bu köşk 1793-nji ýylyň 10-njy awgustynda açyldy we häzirki wagtda bu ýerde, takmynan, 400 müň sany eksponat bolup, olary synlap çykmak üçin hem birnäçe aý gerek bolýar. Iň uly muzeý hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren «Luwruň» 73 müň inedördül metre golaý sergi meýdançasy bar. Piramida şekilindäki bu muzeý dünýä belli birnäçe sungat eserlerini özünde saklaýar, muňa mysal edip, «Mona Liza», «Napoleona täç geýdirilmegi» ýaly suratlary we «Regent almazyny» aýtmak bolar.