(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).
«Görogly» şadessany — türkmeniň atabeglik mekdebi. «Görogly» şadessanynyň «Arap Reýhan» şahasynda harby tälimi ýaşlykdan öwretmelidigi barada biziň ünsümizi çekjek şeýle bir pursat bar. Görogly beg men-menlik edip, gapyllykda Arap Reýhana üstüni basdyryp, inere daňlyp barýarka, başyna iş düşendigibarada Gyratyň üsti bilen Çandybile habar ýetirýär. Gyrata atlanyp kömege gelen Öwez kyrk ýigitden diňe özüne Sapar kösäniň ýoldaş bolandygyny, onuň Bozdumanynyň toýnagynyň haçan gyzyp, haçan gelip ýetjeginiň mälim däldigini, özüniň entek oglandygyny, Arap Reýhana güýjüniň ýetmejekdigini, geňeş bermegini sorap ýüzlenende, Görogly özüniň ýene bir eden ýalňyşyna puşaýman edýär. Öwez ogluna uruş tälimini öwretmän ekeni.